Akdepe Guşçulyk.

Akdepe Guşçulyk Yumurtgalyk

Doly bolan ýagdaýynda her ketekde ortaça 45000 ýumurtgalyk towuk saklanýar. Jemi 8 ketek doly bolan ýagdaýynda 360 000 sany ýumurtgalyk towuk saklanýar! Her ketekden ortaça her günde 35 000 sany ýumurtga önümi alynýar. Ýumurtgalyk towuklar ýumurtga önümçiliginde ortaça 90 hepde saklanýar. Ketekde towuk çalşmak prosedurasy 90 hepde dolandan soňra, ketekler doly boşadylanda soň arassaçylyk işleri geçirilýar. Ýörite aparatlar bilen bitewi ketek ýuwulyp dermanlarýar. Dezinfeksiýa işleri doly edilýär. Täze 90 günlik jüýjeler ýerleşdirilýär. 120 günden soňra önüm bermäge başlaýarlar. Towuklaryň dersi awtomat şekilde ýörite lentalar arkaly ketekden çykarylýar we her günde arassalanylýar. Çykarylan dersler Daýhan hojalygymyza degişli dersi gaýtadan işleýän fabrikamyzda gaýtadan işlenip mineral döküne öwürüp ýerleşdirilýär. Gününiň dowamynda towuklara awtomat şekilde ýörite iýmit programmasy boýunça wagtly wagtyna ýörite mukdarda iým we suw berilýär! .

Copyright 2022 Daýhan Sarpa