Jemi 8 ketekden ybarat bolup doly bolan ýagdaýynda her ketekde ortaça 45000 ýumurtgalyk towuk saklanýar. Jemi 8 ketek doly bolan ýagdaýynda 360 000 sany ýumurtgalyk towuk saklanýar! Her ketekden ortaça her günde 35 000 sany ýumurtga önümi alynýar. Ýumurtgalyk towuklar ýumurtga önümçiliginde ortaça 90 hepde saklanýar. Ketekde towuk çalşmak prosedurasy 90 hepde dolandan soňra, ketekler doly boşadylanda soň arassaçylyk işleri geçirilýar. Ýörite aparatlar bilen bitewi ketek ýuwulyp dermanlarýar. Dezinfeksiýa işleri doly edilýär. Täze 90 günlik jüýjeler ýerleşdirilýär. 120 günden soňra önüm bermäge başlaýarlar. Towuklaryň dersi awtomat şekilde ýörite lentalar arkaly ketekden çykarylýar we her günde arassalanylýar. Çykarylan dersler Daýhan hojalygymyza degişli dersi gaýtadan işleýän fabrikamyzda gaýtadan işlenip mineral döküne öwürüp ýerleşdirilýär. Gününiň dowamynda towuklara awtomat şekilde ýörite iýmit programmasy boýunça wagtly wagtyna ýörite mukdarda iým we suw berilýär! Sagatda 5 tonna iým öndürýän iým zawodynda öndürülýär. Öndürilen ýumurtga onümleri awtomat şekilde ýörite lentalar arkaly jemlenýär we ýörite lotoklara doldyrylyp sanalýar. Ketegiň içindäki howany ýylatma, sowatma işleri hem elektron paneller üstü arkaly howa derejesi rejeli ýagdaýda saklanýar we kontrol edilýär. Keselden nädip goraýarsyňyz geçirilýän arassaçylyk işleri we näçe wagtdan? Keselden goramak maksady bilen ketege bellenen çopandan başga adam girizilmeýär we gigiena işlerine gaty uly üns berilýär. assaçylyk işleri dowamly geçirilip durýar. Her ketege 1 sany jogapkär çopan bar we 2 sany ýumurtga toplaýyjy işgär işleri alynyp barylýar Önümçilikde jemi 8 sany çopan 16 sany ýumurtga toplaýyjy işgär we 2 garawul 1 sany derçi 1 aşpez, 1 sany tämizlikçi, 1 suwçy 1 sany elektrik 1 sany operator zähmet çekýär we olar üçin döredilen şert üpçünçiligi örän oňat. Ýatak jaýlary we beýleki şertler döredilen. Jemi 32 sany raýatymyzy iş bilen üpjün edýäris. Taýýar bolan ýumurtgalar içerki bazarlarynyzda ilata elýeter bahalardan ýerleşdirilýär.
Bölüm suratlary