Akdepe towuk toplumy Soýumhana Bölümi

Bu bölümde sagatda 3000 towuk soýulýar.Önümçilikde iki sany aýratyn zolak bar, biri önümçilik bolýan ýeri arassa zolak, we beýleki.Ilki gelen towuklar halal görnüşinde damagy çalynýar, soňra per ütme enjamdan geçirilip peri arassalanýar soňra içi arassalanyp bagyry ýüregi we daşlygy aýratyn alnyp arassalanýar sonra ýörite wannda ýuwulyp arassalanýar. Sonra guradylýan otagda 45-50 minut guradylýar. Sonra ýörite enjamda agramlary çekilip saýlanylýar. Sonra paketleme işleri geçirilýär. Suýum işleri halal görnüşinde geçirilýär.Halkara sertifikatlary almak üçin degişli işler alynyp barylaýr. Önümçilikde jemi 12 adam zähmet çekýär.Önümçilikde iş wagtynyň dowamlylygy zerurluk çykan wagty 2 çalşykda alynyp barylýar.Soýulan towuklaryň galyndylary ýelek, kelle,aýak, iç-goşy,gany rendirigde gaýtadan işlenip balyk önümçilige çig mal taýýarlanylýar.Taýýar bolan towuk önümleri içerki we daöarky bazarlara ýerleşdirilýär.

Arassaçylyk

Arassaçylyk biziň üçin möhümdir

Ynamdarlyk

Ynamdarlyk hökmandyr.

Ussatlyk

Ussatlyk hökmandyr

Soýumhana Bölümi