Broýler bölümin 20 ketekden ybarat bolup şolardan 10 sany ýer ketek 10 sany setka ketekdir .Ýer ketekde 22000 sany, setka ketekde 50000 sany towuk saklanýar.Broýler towuk bölüminde ýyllyk kuwwatlygy 4 mln towuk ýetişdirilýär.Towuklar 42 günde ýetişýär. Ýetişen towuklaryň taýýar önüm görnüşine barýança Kärhanamyza degişli soýumhana goýberilýär.Ketekde towuk çalşmak prosedurasy 90 hepde dolandan soňra, ketekler doly boşadylanda soň arassaçylyk işleri geçirilýar.Ýörite aparatlar bilen bitewi ketek ýuwulyp dermanlarýar. Dezinfeksiýa işleri doly edilýär. Täze 90 günlik jüýjeler ýerleşdirilýär. 120 günden soňra önüm bermäge başlaýarlar. Towuklaryň dersi awtomat şekilde ýörite lentalar arkaly ketekden çykarylýar we her günde arassalanylýar.Çykarylan dersler Daýhan hojalygymyza degişli dersi gaýtadan işleýän fabrikamyzda gaýtadan işlenip mineral döküne öwürüp ýerleşdirilýär. Gününiň dowamynda towuklara awtomat şekilde ýörite iýmit programmasy boýunça wagtly wagtyna ýörite mukdarda iým we suw berilýär.Ketegiň içindäki howany ýylatma, sowatma işleri hem elektron paneller üstü arkaly howa derejesi rejeli ýagdaýda saklanýar we kontrol edilýär. Keselden goramak maksady bilen ketege bellenen çopandan başga adam girizilmeýär we gigiena işlerine gaty uly üns berilýär, assaçylyk işleri dowamly geçirilip durýar.
Biziň üçin ynamdarlyk hökmandyr.
Biziň bu ugurda ýeterlik tejribämiz bardyr.
Biziň ussat ezber elli iýşgärlerimiz towuk ýetişdirmekde ussatlyga eýedir.
Broýler jüýjeler hil taýadan gowydyr.