Daýhan Sarpasy.

Daýhan Hojalygy.


Akdepe Guşçylyk Toplumy.

Mähriban Arkadagly Prezidentimiziň goldawlary bilen, Bereketli ülkämiz Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Zähmet daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän Guşçylyk toplumynda 7 hazynaň biri bolan towuk idedip ýetişdirilýär. Towuk önümlerini (ýumurtga, towuk eti) öndürip halkymyzyň we watanymyzyň azyk bolçylygyna, daşary ýurtlardan gelýän azyk önümleriniň ornuny tutjak ýokary hilli we ekologiki-saglyk taýdan arassa azyk önümlerini öndürmek üçin biz hem bar bolan gaýratymyzy gaýgyrman goşandymyzy goşýarys. Halkymyza iş orunlaryny döredýäris. Bu keteklerimizde her ketek üçin şol ketege berkidilen aýratyn çopanlar bellenilýär. Ol çopanlaryň ýörite ketege girmek üçin egin başlary bar. Şol sanda ol çopanlar beýleki keteklere girmegi ýada daşyndan gelen başga adamlaryň ketege girmegi towuklaryň kesellemezlikleri, kesel ýokuşmazlygy, saglyklary we arassaçylyklary üçin gadagan edilýär. Bütin ketekler günimiziň iň soňky tehnologiýalary arkaly doly gözegçilik astynda bakylýar. Towuklaryň iými, suwy we howalandyrma sistemalary we içiniň gyzgynlyk-sowuklyk ýaly ýagdaýlary awtomatiki ýagdaýda internet ulgamynyň üsti bilen komputerleriň we mobil telefonlaryň (smart phone) üsti bilen dolandyrylýar we gözegçilik edilýär. Towuklaryň iými we suwy ýörite weternar maslahaty bilen taýarlanylýar. Her ketegiň iými aýratyn şol ketek üçin taýarlanylýar. Towyklaryň ýaşyna we ýagdaýlaryna görä weternaryň mashalaty esasynda meýilnama boýunça bakylýar .